Aşgabatda 22-nji maýda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji maýda Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine we Daşary işler ministrligine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komiteti bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Aşgabat şäherinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Resminama Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisini ýokary derejede geçirmek maksady bilen kabul edildi.

Şeýle hem