Aşgabatda 13-nji maýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisi öz işine başlady. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.
Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň mejlise gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. «2025-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde hödürlenen 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygy» atly Kararnamanyň taslamasy şol ýylyň ahyrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanyldy. Munuň özi ulag geçelgelerini ösdürmek, durnuklylygyny ýokarlandyrmak we ähli ýurtlar üçin olaryň elýeterliligini üpjün etmek bilen, halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmäge giň mümkinçilikleri açýar» diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi.
Mejlisde GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň geçen döwürde ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy we özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda geňeşiň iş meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek babatda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.
Çykyş edenler sebitde üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmakda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigini bellemek bilen, ulag düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmak we ösdürmek bilen, netijeli halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak arkaly bu ugurda ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdiler.
Günüň ikinji ýarymynda GDA agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň çäklerinde ikinji «Ýaş demir ýolçular» forumy geçirildi. Onda bu ugry sazlaşykly ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak, demir ýol ulaglary edaralary üçin ýokary hünärli işgärleri ýetişdirmek bilen baglanyşykly meseleler wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.