Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda daşary ýurtly hünärmenler okuw sapagyny guradylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilip başlanan «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň çäklerinde 11-nji maýda bu institutyň mugallymlary we talyplary üçin okuw sapaklary geçildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Lançžou uniwersitetiniň Syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň professory, Türkmenistany öwrenmek boýunça derňew merkeziniň ýolbaşçysy Wan Sihaý merkeziň işi, onuň ikitaraplaýyn akademik gatnaşyklary berkitmekdäki orny, şeýle-de bu merkezi döretmegiň strategik maksatlary barada jikme-jik aýdyp geçdi.

Soňra Lançžou uniwersitetiniň Syýasat we halkara gatnaşyklar institutynyň dosenti Pu San «Hytaýyň tagamyndan Hytaý siwilizasiýasyna çenli» atly mowzuk boýunça çykyş etdi. Onuň çykyşy diňleýjilere hytaý halkynyň baý medeni mirasyna däp-dessurlar we medeni gymmatlyklar arkaly täzeçe garamaga mümkinçilik berdi.

11-nji maýda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Diplomatiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça okuw merkezinde Täjigistanyň milli uniwersitetiniň dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň dosenti Mahadmumin Tagoýew okuw sapagyny geçdi.

Myhman diňleýjilere häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň ösüş ugurlary, ykdysady modeller we halkara söwda gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada gymmatly maglumatlary ýetirdi. Çykyşda häzirki zaman dünýä hojalygynyň ösüşiniň düýpli esaslaryna hem-de maliýe-ykdysady ulgamlaryň özara gatnaşyklaryna aýratyn üns berildi.

Şeýle hem