11-nji maýda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Pakistan Yslam Respublikasynyň söwda boýunça federal ministri Jam Kamal Han bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitara söwda geçelgeleriniň, logistika baglanyşygynyň hem-de Pakistan bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň barha artýan ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Gepleşiklerde söwda ugurlaryny giňeltmek, harytlaryň bökdençsiz daşalmagyny ýeňilleşdirmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gönümel hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Taraplar energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, infrastruktura taslamalaryny ilerletmäge, şeýle hem işewürlik forumlaryny, sergileri we söwda-senagat edaralary arkaly gatnaşyklary dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.