Türkmenistanyň Prezidenti «Agro Pack Turkmenistan — 2026» sergisiniň açylmagy mynasybetli Gutlag ýollady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilýän «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu çäräniň oba hojalygy, azyk senagaty we gaýtadan işleýän pudaklarda täzeçil çözgütleri öwrenmek hem-de özara tejribe alyşmak üçin möhüm platformadygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti 11-nji maýda habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we pudagy döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugurda halkara guramalar, aýratyn-da, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde agrosenagat toplumy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge ýardam edýär.

Serginiň dowamynda hususy önüm öndürijileriň gazanan üstünliklerine hem üns çekildi. Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän goldawlar arkaly ekerançylykda, maldarçylykda we azyk önümlerini gaýtadan işlemekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Olaryň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri diňe bir içerki bazary durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberiniň artmagyna-da şert döredýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu halkara serginiň täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornunyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynyň ahyrynda sergä gatnaşyjylara berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu çäräniň oba hojalygy, azyk senagaty we gaýtadan işleýän pudaklarda täzeçil çözgütleri öwrenmek hem-de özara tejribe alyşmak üçin möhüm platformadygyny belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti 11-nji maýda habar berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we pudagy döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bu ugurda halkara guramalar, aýratyn-da, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde agrosenagat toplumy ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge ýardam edýär.

Serginiň dowamynda hususy önüm öndürijileriň gazanan üstünliklerine hem üns çekildi. Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan berilýän goldawlar arkaly ekerançylykda, maldarçylykda we azyk önümlerini gaýtadan işlemekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Olaryň öndürýän ekologik taýdan arassa önümleri diňe bir içerki bazary durnukly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberiniň artmagyna-da şert döredýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu halkara serginiň täze işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornunyň berkidilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynyň ahyrynda sergä gatnaşyjylara berk jan saglyk we alyp barýan işlerinde uly rowaçlyklar arzuw etdi.

Şeýle hem