Türkmenistan we Malaýziýa nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji maýda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky Syýasy meseleler boýunça konsultatiw komitetiň başlygy Tan Şri Mohd Hassan Marikany hem-de «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylar düzümini kabul etdi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny hem-de geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Myhmanlar döwlet Baştutanymyza Malaýziýanyň Ýokary Baştutanynyň we Premýer-ministriniň mähirli salamyny ýetirip, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Malaýziýaly hyzmatdaşlar «PETRONAS» kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işlerine döredilýän şertler üçin hoşallyk bildirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk tejribesine aýratyn üns berildi. Hormatly Prezidentimiz «PETRONAS» kompaniýasynyň uglewodorod serişdelerini çykarmakda we ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamakda bitiren işlerini ýokary bahalandyrdy. Saparyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni bilen Malaýziýanyň kompaniýasynyň arasynda täze resminamalara gol çekilmegine garaşylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Malaýziýa bilen özara bähbitli gatnaşyklary dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de rowaçlanjakdygyna ynam bildirdiler.

Şeýle hem