«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda oktýabrda ýokary derejeli halkara çäreler geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 8-nji maýda hökümetiň göçme mejlisinde 2026-njy ýylyň dowamynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara çäreler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 2026-njy ýylyň 8-nji oktýabrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçiriler. 9-njy oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Parahatçylygy saklamakda we durnukly ösüşe ýetmekde zenanlaryň orny» atly halkara zenanlar dialogy geçiriler. Şu ýylyň 7-nji oktýabrynda bu ýerde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň «Saglygy goraýyş hyzmatlaryna ählumumy elýeterliligi üpjün etmek we Durnukly ösüş maksatlary» atly maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

7-nji oktýabrda Awazada Hazar deňziniň ekologiýasy bilen bagly meseleler boýunça Hazarýaka döwletleriň ministrler derejesindäki duşuşygyny guramak göz öňünde tutulýar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek maksady bilen, şu formatlara gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň mejlislerini geçirmek hem göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara çärelere gowy taýýarlyk görmegiň we olary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem