Türkmenistanyň döwlet syýasatynda durmuş meselelerine möhüm orun berilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 8-nji maýda Balkan welaýatynda geçiren göçme hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Mämmedow çykyş etdi. Ol döwlet Baştutanymyza sebitiň ylym-bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ösdürilişi barada jikme-jik maglumat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Häzirki wagtda günbatar sebitde durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Şu ýylyň dowamynda täze iki sany çagalar bagynyň, iki sany mekbebiň, bir saglyk öýüniň hem-de düýpli abatlanan Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ulanmaga berilmegine garaşylýar.

Sebitdäki «Mollagara» we «Awaza» şypahanalary, şeýle hem «Daýanç» merkezi ýerli we daşary ýurtly raýatlara döwrebap lukmançylyk hyzmatlaryny hödürleýär. Bu ugurda halkara guramalar, aýratyn-da BMG-niň düzümleri bilen tejribe alşylyp, öňdebaryjy bejeriş usullary saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrylýar.

Şonuň bilen birlikde, öňde gelýän tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär. Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar sagaldyş merkezlerini möwsüme doly taýýar etmek işleri meýilnamalaýyn dowam etdirilýär.

Ylmy ugurda Hazar deňziniň ekologiýasyny öwrenmek boýunça yzygiderli gözlegler geçirilýär. Alymlar tarapyndan sebitiň täze topografik kartasy taýýarlanyldy we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin döwrebap tehnologiýalar işlenip düzüldi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz hünärmenleriň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy hem-de sport desgalarynyň netijeli ulanylmagyny üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Şeýle hem