Balkan welaýatynda 22 — 27-nji iýuny aralygynda Medeniýet hepdeligini geçiriler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa 8-nji maýda hökümetiň göçme mejlisinde Balkan welaýatyndaky medeniýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Balkan welaýaty taryhy-medeni ýadygärliklere baý bolup, onuň çäginde “Gadymy Dehistan” döwlet taryhy-medeni goraghanasy ýerleşýär. Sebitiň çägindäki ýadygärlikleriň 258-si döwlet tarapyndan hasaba alnyp, olar ylmy taýdan giňden öwrenilýär. Ýüze çykarylýan arheologik tapyndylar muzeýlerde sergilenip, halk köpçüligine ýetirilýär. Balkanabat şäherindäki “Türkmeniň ak öýi” binasynda dürli medeni çäreler geçirilip, ilata medeni taýdan hyzmat edilýär.

Şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda nobatdaky Medeniýet hepdeligini Balkan welaýatynda geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatyndaky döwrebap medeniýet merkezleriniň, kitaphanalaryň, muzeýleriň we teatrlaryň işini talabalaýyk guramak boýunça işleri dowam etdirmegiň, şu ýyl welaýatda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gowy taýýarlyk görmegiň hem-de ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Şeýle hem