Daşary ýurtlaryň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidentini Ýeňiş güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 9-njy maýda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňişiň 81 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly kärdeşlerinden we halkara guramalarynyň ýolbaşçylaryndan birnäçe gutlag hatlaryny aldy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Russiýanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleri öz hatlarynda bu beýik baýram biziň doganlyk halklarymyzyň synmaz erkiniň, deňi-taýy bolmadyk edermenliginiň, parahatçylyk we azatlyk ugrunda gahrymançylykly göreşiň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň aýdyň nyşanydyr diýip bellediler.

Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowy GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň Baş sekretary Dmitriý Kobitskiý, Ýewraziýa ykdysady komissiýasynyň kollegiýasynyň başlygy Bakytžan Sagintaýew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin we Russiýanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew gutladylar.

Şeýle hem