Türkmenistan täze Hytaý-Owganystan multimodal ulag geçelgesiniň bir bölegi boldy

Türkmenistandan üstaşyr Hytaý–Owganystan täze multimodal ugry işe girizildi. Bu barada «Balkan» gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk paýdarlar jemgyýetiniň metbugat gullugy habar berdi.

Täzelenen ugur boýunça konteýnerlerli otly takmynan 7400 kilometr aralygy ortaça 30 günde geçýär, bu bolsa eltip bermek boýunça möhletleri gysgaltmaga we logistika netijeliligini ýokarlandyrmaga uly mümkinçilik berýär.

Bu ugur Hytaýdan ýükleriň demir ýol arkaly Gazagystandaky Altynköl stansiýasynyň üsti bilen iberilmegini, soňra Özbegistan arkaly «Uztemirýulkonteýner» paýdarlar jemgyýetiniň Buhara logistika merkezine çenli eltilmegini we awtoulaga geçirilmegini göz öňünde tutýar.

Soňra ýükler Türkmenistanyň çäginden geçip, Owganystanyň Hyrat şäherine çenli eltilýär. Şeýlelikde bu geçelge demir ýol we awtoulag infrastrukturasyny ulanýan ýeke-täk multimodal ugry emele getirýär.

Şeýle hem