Günorta Koreýanyň Türkmenistandaky ilçisi «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp gördi

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Won Çže 1-nji maýda «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna baryp, kärhananyň direktory Güýçmyrat Amanow bilen duşuşdy, köpugurly gury ýük gämileriniň gurluşyk meýdançasyna aýlandy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, diplomat «Koryo Shipbuilding Industry Technology» (KSIT) kompaniýasynyň işgärleri bilen hem görüşdi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň şowly mysaly bolan gämi gurluşygy taslamasynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ýollaryny kesgitlediler.

Şeýle hem