Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa toplumy ýokary ösüş depginlerini görkezýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1-nji maýda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer Batyr Annaýew ulag we kommunikasiýa düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda bitirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 113,8 göterime ýetdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Ulagyň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamak we ýolagçy gatnatmak ulgamynda durnukly ösüş hasaba alyndy. Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýük daşamak 101 göterim, ýolagçy gatnatmak bolsa 102,7 göterim artdy. Pudaklar boýunça iň ýokary görkeziji awtomobil ulaglary ministrliginde hasaba alnyp, ol 124,2 göterime deň boldy. Şeýle-de "Türkmenhowaýollary" gullugy we aragatnaşyk ulgamy degişlilikde 116,8 we 114,3 göterim ösüş gazandylar.

Demir ýol, deňiz we derýa ulaglary pudaklarynda hem meýilnamalar artygy bilen ýerine ýetirildi. Demir ýol hyzmatlarynyň ösüşi 106,5 göterime, deňiz we derýa gatnawlary bolsa 106,3 göterime barabar boldy. Bu sanlar ýurdumyzyň ulag ulgamynyň kuwwatynyň barha artýandygyny we halkara hyzmatdaşlykda eýeleýän ornunyň berkeýändigini subut edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň milli ykdysadyýetimiz üçin ähmiýetini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da giňeltmegi, halkara ýük daşamalaryň möçberini artdyrmagy we pudagyň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmagy wise-premýere tabşyrdy.

Şeýle hem