Aşgabatda 29-30-njy aprel aralygynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň guramagynda «Sebitleýin okuw merkeziniň sebitara özara baglanyşygy berkitmekdäki orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu çäre sebitde gümrük işini kämilleşdirmek we halkara gatnaşyklary berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň maglumat gullugy habar berdi.
Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Ýaponiýanyň we Wengriýanyň Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Sebitleýin okuw merkezleriniň wekilleri, şeýle hem BGG-niň Sekretariatynyň, Baku şäherindäki sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary we birnäçe goşny döwletleriň gümrük edaralarynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Şeýle-de, duşuşyga ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda gümrük işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, täze okuw usullaryny ornaşdyrmak we sebitleýin merkezleriň arasynda tejribe alyşmagyň netijeli gurallaryny döretmek meselelerine esasy üns berildi. Maslahatyň ikinji güni BGG-niň Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň binýadynda dowam etdirilip, gatnaşyjylar bu ýerdäki döwrebap şertler we Gullugynyň Merkezi edarasynyň işi bilen tanyşdylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda taraplar özara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşyp, geljekde gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.