Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendemirýollary” agentliginiň garamagynda neşir edilýän “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti ýurdumyzda ilkinji çap edilip başlanan gazetleriň biri bolup, ol 1936-njy ýyldan bäri neşir edilýär. Bu gazet ykdysadyýetimiziň esasy ugry bolan “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmenaragatanyk”, “Türkmendeňizderýaýollary” we “Türkmenawtoulaglary” ulgamynda alnyp barylýan işlerden söhbet açýar.
“Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti her hepdäniň şenbe güni çap edilýär. Adatça, gazetiň 1-nji sahypasynda şol hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň syýasy durmuşynda bolup geçen iň wajyp wakalar beýan edilýär.
Gazetiň 2-nji sahypasyny ýurdumyzyň Ulag diplomatiýasynyň ösüşleri, Ulag düzüminiň üstünlikleri, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň kitaplary, milli gymmatlyklarymyz hakyndaky makalalar bezeýär.
Gazetiň 3-nji sahypasynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň Ulag we kommunikasiýalar pudagyndaky orny, ýurdumyzdan dünýä giňişligine uzaýan dostluk ýollarynyň rowaçly menzilleri, web-saýtlarda ulag we aragatnaşyk hakynda iň täze habarlar beýan edilýär.
Gazetimiziň 4-nji sahypasynda adatça edebi-medeni durmuşdan söhbet açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymgulynyň umumadamzat ähmiýetli mirasy, şeýle hem hekaýalar, gysgajyk Ýol ýatlamalary, kyssalar, krossword, şeýle hem dünýäniň Ulag we aragatnaşyk täzelikleri hakdaky habarlar beýan edilýär.
Häzirki döwürde “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazeti ýurdumyzda iň bir söýlüp okalýan gazetleriniň birine öwrüldi.
Okyjylar gazeti kagyz görnüşi bilen birlikde, elektron görnüşine ýazylmak bilen hem okap bilýärler. Sanly ulgamyň bu artykmaçlygy gazeti gyzgyny bilen okamak mümkinçiligini döredýär.
Ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň agzybir işgärleri has-da öndürijilikli işlemekde ruhy goldaw bolup durýan, “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetimizde ýurdumyzyň ösüş-özgertmeleriniň giňden beýan edilýändigi üçin Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredijilik äleminde döredýän giň mümkinçiliklerine çäksiz hoşallyklaryny bildirýärler.