Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 106-njy mejlisine gatnaşdy.

18-nji iýulda Moskwa şäherinde geçirilen mejlisiň dowamynda GDA agza döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda sebitleýin energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanmak, gurluşyk işlerinde nyrh emele getirmek, tokaý hojalygy we tokaý senagaty we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyda degişli resminamalaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň dowamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin GDA-nyň ykdysady ösüş strategiýasynyň birinji tapgyryny (2021–2025) amala aşyrmak boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2025-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Duşenbe şäherinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem