Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Dekabryň 16-na Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Eýranyň döwlet hem-de söwda-senagat edaralarynyň, oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýyş önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri bar.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly 16-njy ýöriteleşdirilen sergisine we Türkmen-eýran işewürlik maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Eýran Yslam Respublikasy uzak möhletleýin, ygtybarly hyzmatdaş bolmak bilen, netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň toplanan tejribesini yzygiderli baýlaşdyrýarlar. Iki goňşy döwletiň halklarynyň gözbaşy asyrlara uzaýan taryhy köklere esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolup, ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda hem depginli ösdürilýär. Türkmenistanda maýa goýumlar, işewürlik gatnaşyklary, söwda hyzmatdaşlygy babatda döredilýän amatly şertler türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmek üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda serginiň we işewürlik maslahatynyň iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda ýola goýlan uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Soňra EYR-nyň energetika ministri Abbas Aliabadä söz berildi. Bellenilişi ýaly, şu gezekki giň gerimli gözden geçiriliş ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge, ony hil taýdan täze derejelere çykarmaga, söwda-ykdysady ulgamda bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Üç günüň dowamynda Eýranyň oba hojalygynda we azyk senagatynda ýöriteleşen kompaniýalarynyň wekilleri öz öndürýän önümleridir hyzmatlary bilen tanyşdyrarlar, şeýle hem kärhanalaryň ösüş meýilnamasy we beýleki gyzyklandyrýan meseleler boýunça giňişleýin gürrüň bererler.

Sergi Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň pawilýony bilen açylýar. Onda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşini beýan edýän maglumatlara orun berilýär. Ilçihananyň diwarlygynyň ýanynda Eýranyň Gürgen we Gülüstan welaýatlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň, Eýran-türkmen bilelikdäki Söwda-senagat edarasynyň bölümleri ýerleşdirilipdir. Olarda bu edaralaryň alyp barýan köpugurly işleri barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezilýär.

Sergide azyk önümçiligine uly orun berlipdir. Şolaryň hatarynda «Ashuradeh Dairy», «Golestan Sabah Dairy» kompaniýalary dürli görnüşli süýt önümleri bilen tanyşdyrdylar. «ATP Group» kompaniýasynyň gazlandyrylan içgileri, şokoladly we süýji önümleri, «Mashhad Asana Behrouz» kompaniýasynyň gaplama we konserwirlenen önümleri, dürli miwelerden taýýarlanan mürepbeleri sergä gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. «Behchino» kompaniýasynyň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhemlik içgileridir çaýlary-da myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Azyk önümlerini gaplamak hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalar hem sergide öz mümkinçiliklerini görkezdiler. Şolaryň hatarynda alýumin gaplaryny öndürýän «Yekta Zarf Golestan Industrial Packing» hem-de çap etme-gaplama hyzmatlaryny hödürleýän «Tabriz Pack» kompaniýalary bar. Sergide obasenagat, maldarçylyk pudagyna ýöriteleşen «Moghan Agro-Industry and Livestock Co.», guş, balyk we mal iýmlerini öndürýän «Goldane Sahra», «Bitaamin», oba hojalyk ekinleriniň, olaryň tohumlarynyň önümçiligine ýöriteleşen «Jovein Agriculture and Industry Co.» kompaniýalary öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öndürmek bilen meşgullanýan kärhanalaryň, şol sanda «Sandan Farming Machinery» kompaniýasynyň, çörek we konditer önümlerini taýýarlamak üçin enjamlaryň önümçiligi, importy bilen meşgullanýan «Mashad Baking Industries» kärhanasynyň diwarlyklarynyň ýany hem köp adamly boldy. Tehniki-inženerçilik hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalar-da gözden geçirilişiň çäklerinde mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar. Şolaryň hatarynda «Azar Pasilo», «Mam Beton Paydar Shargh» gurluşyk-gurnama kompaniýalary hem bar.

Eýran Yslam Respublikasynyň senagat düzüminiň gazananlary bilen motor ýaglarynyň we ulaglar üçin niýetlenen serişdeleriň önümçiligine ýöriteleşen «Jabbari Trading», şahsy arassaçylyk serişdelerini öndürýän «NourDarou Gonbad», demir önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan «Pishro Sakht Esterabat» kompaniýalary tanyşdyrýar. «Sadeghi Trading Handicrafts» hususy kärhanasynyň nepis el işleri, şaý-sepleri, bezeg önümleri hem sergä gatnaşyjylaryň üns merkezinde boldy. Gözden geçirilişe EYR-nyň logistika, gaýtadan işleýän senagat we bank ulgamlarynyň wekilleri-de gatnaşdylar.

Sergi meýdançasy türkmen-eýran hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmegi, täze özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän işewürlik duşuşyklarynyň we gepleşikleriň geçirilýän ýerine hem öwrüldi.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi. Duşuşygyň gün tertibinde iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiligi bilen baglylykda, hususan-da, söwdada, oba hojalygy we azyk senagaty ulgamlarynda pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda kiçi we orta telekeçileriň derejesinde işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, şeýle hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl böleginiň depginli ösüşini gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady kuwwaty hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Serginiň ikinji gününde eýran kompaniýalarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça taslamalarynyň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler. Forumyň jemleýji gününde iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň we telekeçileriniň duşuşygy, foruma gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasy geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem