Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň amaly meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna 2024-nji ýylyň 26-27-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde “Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary forumy guramaçylykly geçirmekde Ylymlar akademiýasyna ýardam bermäge borçly edildi.