Türkmenistan bilen Katar sport we ýaşlar syýasaty ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi ara alyp maslahatlaşdy

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Kataryň sport we ýaşlar ministriniň orunbasary Ýasser bin Abdullah Al Jamal bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi söhbetdeşini ýurdumyzda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilendigi, şeýle-de döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän ýokary derejeli çäreler bilen tanyşdyrdy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Kataryň arasynda ýaşlar we sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem