Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda dabaraly maslahat geçirildi

12-nji oktýabrda geçirilen maslahatyň dowamynda “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu ýerde guralýan dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň baş binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Bu ýerde “behişdi” bedewlere, olaryň taryhyna, milli seýisçilik sungatyna we atlary bezemegiň häzirki zaman ýörelgelerine bagyşlanan maglumatlar, dürli suratlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Serginiň çäklerinde görkezilýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, halyçylyk däpleriniň oňyn ýörelgeleri, dürli görnüşli zergärçilik önümleri we bedewleriň bezegi hasaplanylýan şaý-sepler bar. Munuň özi milli atşynaslyk ulgamynda taryhy ähmiýeti bolan wakanyň köptaraply esasda dabaralandyrylýandygyny äşgär etdi. 

Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy bilen utgaşmagynda çuňňur many bar. Munuň özi bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan türkmen halkynyň toýlarynyň toýlara ulaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Dabaraly maslahatda çykyş edenler ahalteke atçylyk sungatyny hem-de behişdi bedewlerimizi bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek baradaky Kararyň 2023-nji ýylyň dekabrynda Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde kabul edilendigini bellediler. Onda ýurdumyzyň öňe süren teklibiniň bu topara agza döwletleriň 24-si tarapyndan biragyzdan goldanyldy. 

ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň başlygy hanym S.Mikelesku dabarada çykyş edip, ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi we tutuş türkmen halkyny ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady hem-de “Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri” atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnamany dabaraly ýagdaýda gowşurdy. 

Bellenilişi ýaly, ahalteke bedewleri taryhyň dowamynda zergärleriň, şahyrlaryň, suratkeşleriň ylham çeşmesine öwrüldi. Ahalteke bedewlerine bagyşlanan halyçylyk, zergärçilik we surat eserleri dünýäniň kaşaň binalarynda geçirilýän halkara sergilerinde möhüm orna mynasyp bolýarlar. Munuň özi ahalteke bedewleri bilen baglanyşykly gymmatlyklara halkara giňişliginde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Soňra dabaraly maslahata gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň binýadynda döredilen “Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubyna baryp gördüler. Bu ýerde ahalteke bedewleriniň taryhy, olaryň halkara derejesinde geçirilen bäsleşiklerde gazanan netijeleri baradaky maglumatlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy.

Şeýle hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi bu ýerde guralan dabaraly maslahatyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendirdi. Özüniň çeýeligi, owadanlygy we ýyndamlygy bilen dünýäni haýrana goýýan bedewlere atlanan ýaşlar çylşyrymly çykyşlary ýerine ýetirip, bu ýerde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar. 

“Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama türkmen atlarynyň taryhynda mynasyp orun eýelär. 

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem