Eser söýgi, gabanjaňlyk, husytlyk, sahylyk, ugurtapyjylyk, dargursaklyk, garaz adamyň durmuşynda gabat gelýän köp zatlar barada gürrüň edilýär.
Snagareliň aýaly Martini adamsyna temmi berdirjek bolup, baý hem-de hökmirowan Žerontyň gyzy üçin lukman gözläp ýören iki sany hyzmatkärine “Ine, şu dünýä belli tebip. Bu tebibi göreninden derti dessine aýak üstüne galýar” diýýär. Onuň gepine ynanayp hyzmatkärler zor bilen Snagareliň boýnuna özüniň güýçli tebipdigini boýnuna goýup, alyp gidýärler. Şeýdibem Snagareliň diýseň gyzykly, başdan aýak tomaşaçyny öz jadyly, gyzykly goýnundan çykarmaýan waka başlanýar. Ýöne Snagareliň bu biygtyýar ýalany iki aşy-magşuk, Lýusinda bilen Leandryň bir-birine gowuşmagyna sebäp bolýar. Sahna oýnuny “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” А.Rahmanow sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň egin-eşik bezegini “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” G.Şiçanina ýerine ýetirdi.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
Sganareli - artist К.Ataýew,
Sganareliň aýaly Martini - artist А.Andronowa,
Sganareliň goňşusy Rober - artist Ö.Şarlyýew,
Žerontyň hyzmatkäri Waleri - artist W.Raut,
Žaklinyň adamsy Luka - artist R.Hommadow,
Žeront - artist W.Dmitriýew.