Gitme!

Sahna oýnunyň baş gahrymany edepli, paýhasly, öz ejesini diýseň gowy görýän Tatýana. Ol elli ýaşy arka atan zenan. Ýöne onuň adamsam ýok, çagalaram. Şu ýaşa çenli durmuşa çykmadyk. Onuň aýaklary ysmaz bolan ejesi gyzynyň bagtynyň açylmazlygyna özüni günäkärleýär. Ýatsa-tursa, gyzynyň geljekki ykbalyny alada edýär.

Tatýana ejesini ynjaltmak üçin, öýlerine halaşýanym diýip, ýagdaýdan peýdalanyp, bir nätanyş erkek adamy getirýär. Ondan başga ol “ýaş wagty taşlan gyzynam” tapýar. “Agtygyny” “enesi” bilen tanyşdyrýar. Beýle şatlykly wakalara begenen ejesi, kem-kem gowulaşyp ugraýar. Gelejegi barada arzuwlar edip başlaýar. Ýaşasy gelýär. Şeýdibem gutulýar.

Tatýana-da ejesine görkezmek üçin “tapan ýoldaşy” bilen halaşyp, durmuş gurýarlar. “Gyzy” hem onuň gyzlygy bolýar.

Spektakl söýgi, maşgala agzybirligi barada. Sahna oýnuny teatryň režissýory,  “Türkmenistanyň at gazanan artisti” N.Laukert sahnalaşdyrdy. Sahna bezegini “Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri” G.Şiçanina, saz bezegini “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” D.Hydyrow ýerine ýetirdi.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

Sofýa Iwanowna - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” S.Troiskaýa, Tanýana             - artist  А.Andronowa,

Igor                   - artist М.Rogow,

Dinana               - artist А.Jumaýewa.

Şeýle hem