Türkmenistan bilen hyzmatdaşlykda Aziýanyň Ösüş banky durnukly we integrirlenen ulag torlaryny ösdürmäge goldaw berer

Aziýanyň Ösüş banky hereketlendiriji güýji innowasion hususy telekeçilik bolan bäsdeşlige ukyply, diwersifisirlenen we ylmy bilimlere esaslanýan ykdysadyýete gönükdirilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň täze strategiýasyny işe girizdi.

2024-2028-nji ýyllary öz içine alýan täze strategiýa ýurduň “ýaşyl” ykdysadyýete geçişini, şol sanda energiýa netijeliligine, energiýanyň täzeden dikeldilýän serişdelerine maýa goýumlaryny hem-de uglerod zyňyndylarynyň pes derejeli synag taslamalaryny we syýasy özgerişleri öz içine alar. Bank ýurdumyzyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksatlaryna laýyklykda kömürturşy gazlary we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça uzakmöhletleýin meýilleri işläp taýýarlamakda Türkmenistana ýardam etmegi dowam etdirer.

Şeýle-de Aziýanyň Ösüş banky esasy söwda geçelgeleriniň ugrunda, şol sanda Merkezi Aziýanyň sebit ykdysady hyzmatdaşlygynyň geçelgeleriniň ugrunda demir ýollara üns bermek bilen durnukly we integrirlenen ulag torlaryny ösdürmekde hem öz goldawyny berer.

Bank eksporta niýetlenen hususy telekeçiligi döretmäge ýardam edip, içerki maliýe institutlaryna, şol sanda eksport bazaryna gönükdirilen kiçi we orta kärhanalaryň maýa ygtyýarlyklaryny gowulandyrmakda öz goldawyny dowam etdirer.

Adam goýmlaryny ösdürmek üçin Aziýanyň Ösüş banky onuň saglygy goraýyş ulgamynda özgerişleri geçirmekde, saglygy goraýyşyň işçi güýjünde endikleriň ösdürilmegine ýardam eder.

Bu hyzmatdaşlyk strategiýasy arkaly Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş banky netijeli hyzmatdaşlygy giňelder we pugtalandyrar.

Çeşme: Türkmenistan Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem