Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlaryny deňeşdirmek boýunça Lebap welaýat gümrükhanasynyň edara binasynda iş duşuşygyny geçirildi.
Iş duşuşygynyň dowamynda taraplar daşary söwdada gümrük statistiki maglumatlaryň emele gelşiniň usulyýeti barada maslahatlaşdylar.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň jemi boýunça «Türkmenistanyň importy — Özbegistanyň eksporty» we «Özbegistanyň importy — Türkmenistanyň eksporty» ugurlar boýunça daşary söwdanyň gümrük statistiki maglumatlary deňeşdirildi.
Duşuşyk 2022-nji ýylyň 14-nji iýulynda gol çekilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük gulluklarynyň arasynda özara söwda gatnaşyklarynda gümrük serhedinden geçirilýän harytlar barada maglumatlary alyşmak hakyndaky Teswirnamany ýerine ýetirmek maksady bilen guraldy.