2-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9 göterim berjaý edildi.
Öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça 102,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 128,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,1 göterim berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 127,7 göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasyna 130,9 göterim amal edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini gazanmak, energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, awtomobil ýollaryny gurmak hem-de durkuny täzelemek işlerini dowam etmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi