26.09.2023 ý. Aşgabat:
tk ru en

Sahna oýny söýgi barada. Waka Wenesiýada bolup geçýär. Baý söwdagär  Pantalone, Turin şäherinden, bile söwda işlerini alyp barýan Rasponä gyzy Klariçäni bermekligi wada edýär. Bularyň hersi bir şäherden bolansoň, söwda işleri hat alyşmak  ýa-da  ynamdar adamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Şol sebäpli olar bir-birlerini görenoklar.

Günlerde bir gün Pantalone Rasponiniň çaknyşykda öldürilendigini eşidýär. Şonuň üçinem ol gyzy Klariçeni Lombardiniň ogly Silwiýo bilen adaglaýar.  Hemme zat ylalaşylyp, bu gün erte toý tutmaly bolanlarynda-da, Wenesiýa şäherine Turinli Rasponiniň aýal dogany Beatriçe gelýär. Ol erkek eşigini geýip, özüni dogany Rasponi diýip tanadýar. Beatriçäniň bu aldawyna hemmeler ynanýar. Biatriçe özüni tanan Brigella bolsa syryny hiç kime açmazlygyny haýyş edýär. Ol Brigella özüniň söýgülisi Florindany gözläp Wenesiýa gelendigini  aýdýar. Brigella bu barada hiç ýerde  dil ýarmajakdygyny wada berýär. Soň Biatriçe Brigellanyň myhmanhanasynda ýerleşýär. 

Brigellanyň myhmanhanasyna şol bir wagtda Florinda-da ýerleşýär. Ol söýgülisi Biatriçeniň dogany Rasponi öldürilenden soň, oň bilen öň agyr tersleşendikleri sebäpli özünden göräýmesinler diýip, Wenesiýä gaçyp gidýär. Gaty howlukmaç gaýdansoň, ol  bu barada söýgülisi Biatriçä-dä habar berip  ýetişmeýär.

Wenesiýä iş gözläp Bergamadan ugurtapyjy, dilewar, tutanýerli emma garyp ýigit Truffoldino gelýär. Gelşi ýaly hem işi ugruna bolýar-da, Turinli baý adama hyzmata durýar. Onuň hyzmata duran hojaýyny bolsa, özüni Rasponi diýip atlandyrýan Batriçe. Bular myhmanhana ýerleşenlerinden soň, ol tötänlikde Florinda gabat gelýär-de oňa ýüküni myhmanhana ýerleşmäge kömekleşýär. Şol ýerde-de  bu alçak ýigit Florindanyň göwnünden turýar-da ony özüne hyzmatkär edip işe alýar.

Şondan soňam Truffoldinanyň başdangeçirmeleri başlanýar. Ol iki hojaýynyna-da bildirmän hyzmat edýär. Bu bolsa elbetde bir myhmanhananyň içinde oňa gaty agyr düşýär. Şonda-da ol özüniň ugurtapyjylygy, gepe çeperligi bilen her hili ýagdaýlardanam baş alyp çykýar.

Klariçe  Rasponiniň “Direlip gelendigine” begenmeýär. Ol Silwiýany söýensoň oňa durmuşa çykmaklykdan ýüz öwürýär. Emma kakasy Pantalone ony Rasponä bermekligi Silwiýadan öň wada berendigini, onuň işdeşidigini, üstesine-de gurply, tanymal adamdygyny aýdyp , islese islemese şoňa durmuşa çykarjakdygyny aýdýar. Ýöne Biatriçe-de onuň edenine kaýyl bolmajakdygyny, Silwiýadan başga hiç kime barmajakdygyny mälim edýär. Şeýdip dawalaşyp durkalar Beatriçe gelýär-de özüni gyzy bilen ikiçäk galdyrmagyny Pantaloneden haýyşt edýär. Şol gürrüňdeşlikde-de Beatriçe Klariçä öş syryny açýar. Agasynyň ölendigini, özüniňem bu ýere diňe söýgülisi Florindany gözläp gelendigini  aýdýar. Bu ýagdaýa Klariçe begenip guş bolup uçaýjak bolýar.

Myhmanhanda Truffoldina iki hojaýynyňam eşiklerini ýelejiretmek üçin bir wagtda çykarýar. Eşikleriniň jübülerinem boşadýar. Soň, gyssagarada çykaran zatlary yzyna salanda-da ýalňyşýar.  Florinda eşigini geýip durka jübüsinden Beatriçe ýadygärlik beren suratyny tapýar.  Ol suratyň öz jübüsine nädip düşendigini düşündirmekligi Truffoldinadan talap edýär. Truffoldina-da oňräk özüniň başga bir hojaýyna gulluk edendigini, onuňam agyr syrkawlap ýogalandygyny aýdýar. Florinda ondan ol hojaýyny barada soraýar. Beren jogaplaryndanam onuň  Beatriçedigine ynanyp, söýgülisi aradan çykandyr öýdýär-de, gaýgyly halda öz otagyna gidýär.

Şu ýagdaý Beatriçide-de gaýtalanýar. Ol eşik goýýan sandygyndan iş kitabyny çykaranda, kitabyň özüniňki däl-de Florindanyňkydygyny tanaýar. Truffoldina bir gezek ugruna bolansoň ýene-de öňki emelini gaýtalaýar. Ýöne bu gezek ol hojaýynyny “suwa gark edýär”.

Ýaryndan baky jyda düşendirin öýden Beatriçe, durmuşyň manysyny ýitirip özüne kast etjek bolýar. Şol wagtam Florindo ýetişýär-de, onuň elinden gamany alýar.  Şeýdibem olar bir-birine duşýarlar.

Soňam olar bile Pantaloneler baryp, ähli bolan ýagdaýy  düşündirýärler. Şeýdip iň soňunda Florinda Beatriçä, Silwio bolsa Klariçä öýlenýärler. Truffoldino bolsa...

Truffoldino bolsa Pantaloneniň hyzmatkäri, Brigella gowuşýar.                                                                                                                                      

Sahna oýnuny teatryň režissýory, “Türkmenistanyň at gazanan artisti”  N.A.Laukert sahnalaşdyrdy.

Sahna bezegini “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri”

G.Şiçanina, saz bezegini B.Kakaýew, W.Balabanow ýerine ýetirdiler.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

 

Truffoldino         - artist R.Hommadow,

Silwio                - artist W.Dmitriýew,

Beatriçi              - А.Andronowa,

Brigella     - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” О.Wolkowa

Pantalo            - artist К.Аtaýew,

Florindo           - А.Pawlow,

Lombardi        - artist М.Rogow,

Klariçi            - artist А.Jumaýewa.