Sahna oýny söýgi, maşgala agzybirligi barada.
Paweliň ejesi, ýaşlykda it ýaransoň, ömürboýy itden gorkýar. Uly bolsun, kiçi bolsun, tapawudy ýok, it gördügi özüni ýitirip başlaýar.
Pawel ejesini gaty gowy görensoň, oňa dynç alyş merkezine ýollamanama alyp, özüni bejertmäge iberýär. Ejesi gidenindenem goňşy gyz Sweta özüniň gyssagly bir ýere gitmeli bolandygyny, kiçijik güjüjegini goýmaga adam ýokdugyny aýdyp, ondan gelýänçä itine seretmegi haýyş edýär. Pawel boýun almajak bolsa-da, Sweta onuň şu wagt ejesiniň öýlerinde ýokdugyny aýdyp, özelenýär. Pawel razylyk berýär.
Şondan soňam Paweliň başyndan monjuga düzülen ýaly gyzykly wakalar yzly-yzyna geçip başlaýar. Sebäbi onuň ejesi wagtyndan öz dynç alyş merkezinden gaýdyp gelýär.
Sahna oýnuny režissýor А.Berdiýew sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň bezegini “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” G.Şiçanina, tans bezegini “Türkmenistanyň at gazanan artisti”
A.Lubines, saz bezegini B.Kakaýew ýerine ýetirdi.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
Pawel - artist W.Dmitriýew,
Paweliň ejesi Maksimowa - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” О.Wolkowa,
Telegina - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” L.Kosonogowa,
Wera - L.Ýemelýanowa,
Sweta - artist D.Selýuminowa.