30.11.2021 ý. Aşgabat:
tk ru en

Sahna oýnunda ýokary derejeli slesar Kuzma Tudyşkin ençe ýyllar bileje, durmuşyň agyr külpetlerini egin-egne berip ýaşap gelýän aýaly bilen ýalňyz gyzyny ýüreginden gowy görýär. Ýöne ýyllaryň geçmegi bilen ony näme üçin durmuşyň isleglerine görä bolmandygy baradaky alasarmyk pikirler  basmarlap ugraýar. Nirede ýalňyşlyk goýberendikleri, haýsy çatrykda maşgalasy bilen ýolunyň aýrylyşandygy, indi nädip, haýsy pikire, ygtykada gulluk edip ýaşamalydygy barada oýlanýar.

Nädip ýaşamak, haýsy ýoly, haýsy baýlyklary ― ruhumy ýa  maddy baýlyklary saýlap, oňa gulluk edip ýaşamaly? Haýsyny ― wyždanymy saýlamalymy ýa-da peýdaň ugruna çapmalymy?  М.Worfolomeýewiň “Päk we günäli”  atly sahn oýnunda hem adamzadyň öňünde müdimi duran pelsepewi sowallalara jogap gözlenýär. Sahna oýnuny teatryň režissýory “Türkmenistanyň at gazanan artisti” N.A.Laukert sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň bezegini teatryň suratkeşi B.Patyşagulyýew, tansyny “Türkmenistanyň at gazanan artisti” A.Lubines, saz bezegini W.Andronow ýerine ýetirdi.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

Tudyşkin Kuzma        -  artist М.Rogow,

Aýaly Daşa                 - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” S.Troiskaýa, Olaryň gyzy Liza        - artist А.Andronowa,

Sergeý Ştuçkin           - artist R.Kanibetow,

 Fedýa şol bir wagtda-da Iblis  -  artist К.Ataýew,

Boris Tumançikow     -  “Türkmenistanyň at gazanan artisti” А.Spiridonow.