Sahna oýnunda şol döwürler, birnäçe böleklere bölünen Germaniýa döwletiniň pajygaly ýagdaýy beýan edilýär.
Durmuşda bolup geçýän kanunsyz eden-etdilikleriň arasynda sazandanyň gyzy Luiza bilen, uly emeldaryň ogly Ferdinandyň arassa, päk söýgisi wasp edilýär. Öz ogluny “dogry”, ýagny gerekli adamlaryň gyzyna öýerip, öz wezipesini berkitmek isleýän Ferdinandyň kakasy iki juwany aýra saljak bolup ýalana, töhmede ýüz urýar. Gyzyň ene-atasyny zyndana taşladýar. Olary halas etmek üçinem Luiza Ferdinandyň kakasynyň aýdanlaryna razy bolmaly bolýar. Ferdinandyň rehimsiz kakasyna agyr jeza garaşýar.
Sahna oýnuny “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” А.Rahmanow sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň bezegini B.Patyşagulyvew, saz bezegini B.Gullyýew ýerine ýetirdi.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
Onuň aly hezretleri - artist S.Lawin,
Ferdinand - artist А.Pawlow,
Gofmarşal fon Kalb - W.Dmitriýew,
Hanym Milford - А.Balandina,
Wurm - S.Troiskiý,
Miller - “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” А.Rahmanow.