Derňewçi

N.W.Gogolyň dünýä belli bu eserinde şäher emeldarlarynyň ikiýüzlikleri, parahorlyklary, wezipebazlyklary paş edilýär. Olaryň üstünden gülünýär. Öz düşewüntli orunlaryny ýitirmekden gorkup, olar diýseň adam derejelerini peseldýärler. Hiç bir haramzadaçylykdan gaýtmaýarlar. Şonda-da adalat üstün çykýar. Olaryň bar eden “aladalary” biderek bolup,  işleri puç bolýar.

Sahna oýny durmuş nogsanlyklary barada. Sahna oýnuny “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” А.Rahmanow sahnalaşdyrdy. Sahna oýnunyň saz bezegçisi B.Gullyýew. Hlestakowyň keşbini artist К.Аtaýew, Şäher häkiminiň keşbini artist       R.Kanibetow,

onuň aýaly Anna Andreýewnanyň keşbini “Türkmenistanyň at gazanan artisti” L.Kosonogonowa, onuň gyzy Mariýa Antonownanyň keşbini artist  М.Ýolamanowa, Hlopowyň keşbini artist S.Troiskiý, Lýapkin-Týapkiniň keşbini artist S.Lawin ýerine ýetirýär.

 

Şeýle hem