06.02.2023 ý. Aşgabat:
tk ru en

Uzeir Gajibekowyň bu ölmez-ýitmez aýdym-sazly gülküli sahna oýny birnäçe döwletleriniň teatr sahnalarynda goýuldy.

Köne adat boýunça öýlenýänçä gelniň ýüzüni görmek bolmaýandygy sebäpli, baý söwdagäriň ogly Asker hilä ýüz urýar. Ol ýönekeý köçe satyjysy bolup öýme-öý aýlanýar. Aýlanyp ýörkä-de Soltanbegiň gyzy Gülçehrä aşyk bolýar. Olam ony halaýar. Netije-de, dürli, gülkili, dartgynly wakalardan soň olar birikýärler. Diňe olar däl, spektaklyň beýleki gahrymanlaram öz bagtlaryny tapýarlar.

 Sahna oýnuny teatryň režissýory “Türkmenistanyň at gazanan artisti”

N.A.Laukert sahnalaşdyrdy, sahna bezegini   “Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri” G.Şiçanina, tansyny “Türkmenistanyň at gazanan artisti” A.Lubines, saz bezegini B.Gullyýew ýerine ýetirdi.

 

KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:

Asker            - artist К.Ataýew,

Jahan             - “Türkmenistanyň at gazanan artisti” L.Kosonogowa,

Süleýman       - artist М.Rogow,

Soltanbeg       - artist S.Lawin,

Soltanbegiň hyzmatkäri - artist P.Nurumow,

Weli               - artist R.Hommadow,

Gülçehrä        -  artist А.Jumaýewa.