Wenesiýada, senator Brabasionyň öýünde asly belli nesilden bolan hebeşi Otello gulluk edýär. Ol senatoryň gyzy Dezdemona aşyk bolup, onuň bilen gizlin nikalaşyp, öýlenýär.
Otellanyň poruççigi ― ikiýüzli Ýago bu nikany bozmak üçin hile-pyrryldyklara baş urýar. Dezdemonanyň bilmezlik bilen balda ýitirilen el ýaglygyny özüne berlen sowgat diýip aýdýar. Gabanjaň Otello, gahar-gazabyna bäs gelebilmän, özüni aklap getirýän delillerine gulak asman, Dezdemonany öldürýär.
Ikiýüzli Ýago-da jeza garaşýar. Spektakl päk söýgi barada.
KEŞPLERI ÝERINE ÝETIRÝÄNLER:
Otello - Türkmenistanyň halk artisti Ö.Gelenow.
Dezdemona - artist A.Andronowa.
Ýago - artist K.Ataýew.
Brabansio - artist R.Kanibetow.
Emiliýa - artist T.Öwezmyradowa.
Dož Wenesi - artist M.Rogow.
Kassio - artist W.Andronow.
Rodrigo - artist S.Saryýew.
Wäşi - artist E.Kambarow.
Montano - artist S.Lawin.
Býanka - artist A.Balandina.