30.11.2021 ý. Aşgabat:
tk ru en

Sahna eseri ýazyjy Atajan Taganyň “Keseki” powesti esasynda ýazyldy. Onda XIX asyrda fransiýaly kartograf Žorž de Blokwiliň Türkmenistandaky başdan geçirmeleri beýan edilýär. Ol Hywa hanynyň türkmenleriň üstüne eden çozuşynda ýesir alnyp, yzyna satmak maksady bilen tussagda saklanýar.

Ilkibaşdaky ýesir bilen ýesir alanlaryň arasyndaky duşmançylyk garaýyşlar dura-bara aradan aýrylyp, kem-kem dostluga öwrülýär. Oňa  Blokwiliň guýa gaçan bir oglanjygy ölümden halas etmegi esas bolýar.

Eden ýagşlygy, bilimi üçin il arasynda oňa  hormat bilen “molla” diýip ýüzlenilip başlanýar. Ony hormatlap täze bolan bäbege “Pereňli” diýip at dakýarlar. 

Blokwil türkmen halkynyň dilini, däbini, edim-gylymyny, durmuşa garaýyşlaryny öwrendigiçe, bu gumuň içinde erkin ýaşap ýören millete  hormaty, sylagy artýar.  

Spektaklyň soňunda Blokwili azatlyga goýberenlerinde türkmenler onuň bilen: “Biz hökman duşuşarys” diýýärler. Muňa tolgunan Blokwilem: “Elbetde, biz duşuşarys” diýip, jogap berýär.

Spektakl halklary dostluga, parahatlyga ündeýär.