Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleridir harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi.
Deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.