Türkmenistana Ulýanowsk sebitinden täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar

Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitinden Türkmenistana täze konteýner otlusynyň gatnawy ýola goýlar. Ol sebitiň ýüklerini Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynyň bazaryna getirer. 
Bu barada: «Türkmenistanyň demir ýol edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde Ulýanowsk — Aşgabat — Inçe-Burun/Sarahs ugry boýunça täze konteýner otlusynyň gatnawyny ýola goýmagy ara alyp maslahatlaşdyk. Täze gatnaw arkaly rus harytlary «Orta Wolga — Hazar deňzi — Pars aýlagy» ulag geçelgesi boýunça gündogar demir ýol geçelegesiniň ugry bilen Türkmenistana we goňşy döwletlere — Owganystana, Eýrana, Pakistana çalt eltiler» diýip, Ulýanowsk sebitiniň gubernatory Alekseý Russkih belläp geçýär.

Çeşme: Türkmenmetbugat

Şeýle hem