«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi

8-nji iýunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we bu ýerde önümçilik kuwwatlyklarynyň gurluşygy bilen baglanyşykly meseleler bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy baradaky hasabatynyň çäklerinde, ýurtda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan, bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, başgaplaryň, aýakgap we agyz-burun örtükleriniň, düşek daşlyklarynyň öndürilýändigi barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Şeýle-de ýurt boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlaryň taýýarlanylmalydygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmançylyk önümlerini öndürmekde zerur bolan degişli çig mallaryň üpjünçiliginiň, şeýle-de ýerli polipropilen çig malyndan halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk polipropilenini öndürmek boýunça zerur işleriň geçirilmeginiň, önümçiligi meýilleşdirilýän çig mallara we önümlere degişli standartlaryň kabul edilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunda halkara ISO güwänamalarynyň alynmagy boýunça degişli işleriň amala aşyrylmalydygy bellenildi.

Gahryman Arkadag iş maslahatynyň barşynda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň önümlerine Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «satyş markasyny» resmileşdirmek we degişli patentleri bermek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, beýleki ministrliklere hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýylyň dowamynda zerur bolan önümleri satyn almak babatda maliýeleşdiriş çeşmeleriniň kesgitlenmelidigi barada aýdyldy.


Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem