“Türkmenhowaýollary” agentligi bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy Aşgabat şäheriniň halkara howa menziliniň demirgazyk böleginde ýerleşýän tokaý zolagynyň, Aşgabat şäherindäki 10 ýyl Abadançlyk köçesiniň günorta we demirgazyk böleginde ýerleşýän tokaý zolagynyň we Aşgabat şäheriniň Gökdere aýlaw köçesiniň ugrundaky bag nahallaryna ideg etmek üçin tender yglan edýär

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasyna ýüz tutup bilerler.

Bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny 500 (bäş ýüz) manat möçberde tölegi töläp (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) almaly.

Bäsleşik teklipleri şu bildirişiň çap edilen gününden başlap 20 günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 12 48-67-03

 Türkmenistan, Aşgabat ş., Atatürk köçesi 61

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem