«Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabat şäherinde we ýurudumyzyň sebitlerinde ýerleşýän halkara derejeli how amenzillerinde daşary ýurt awiakompaniýalarynyň uçarlaryna täjirçilik we tehniki gonuşlar üçin ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýär. Şeýle bolansoň, awiakompaniýalar tarapyndan Türkmenistanyň halkara howa menzillerinde gonuşlary amala aşyrmaga uly isleg bildirilýär.
Anyk maglumatlara salgylansak, şu ýylyň ilkinji 4 aýynda ýurdumyzyň halkara howa menzillerinde daşary ýurt awiakompaniýalary tarapyndan täjirçilik maksatly gonuşlaryň 480-si amala aşyrdy. Şeýle hem dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň uçarlary ýylyň başyndan bäri türkmenistanyň halkara howa menzillerine tehniki maksatlar bilen 296 gezek gondular.
Bu gonuşlaryň agramly bölegi dünýä belli «Cargolux», MNG ýaly awiakompaniýalar tarapyndan amala aşyrylýar. Ýurdumyzda tehniki gonuşlar üçin Aşgabat, Türkmenabat, Kerki, Mary, Türkmenbaşy we Daşoguz halkara howa menzilleri ýokary derejeli hyzmatlary hödürleýärler.