Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Açyk gapylar» gününi geçirýär

2024-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriň okuwçylary, harby bölümleriň esgerleri, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlar üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýär.

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar uniwersitetde taýýarlanylýan hünär ugurlary, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işleri, şeýle hem, talyplaryň ýokary derejede bilim alyp, kämil bakalawrlar we magistrler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler bilen hem-de döwrebap tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalar, «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezi, kitaphana, sport-sagaldyş toplumy we umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşyp bilerler.

Açylyş dabarasy şol gün 15:00-da geçiriler.

Çeşme: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi

Şeýle hem