Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Annadurdy Erkinowiç Kösäýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýewi Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy wezipesine saýlamak hakynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2024-nji ýylyň 20-nji martynda çykaran 2-nji karary tassyklanyldy hem-de ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Kararlara sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.