Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aziýa ösüş banky bilen bilelikdäki başlangyçlar ara alyp maslahatlaşyldy

13-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aziýa ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa departamentiniň baş direktory Lea Gutiýerresiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistanyň Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar, özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Duşuşygyň dowamynda Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna, sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça tejribe alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge we netijeli dialogy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.



Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem