Gahryman Arkadagymyz saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlag iberdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Gutlagynda Gahryman Arkadagymyz saglygyň bagtyýar durmuşyň we ösüşleriň binýady bolup durýandygyny belläp, Garaşsyz Türkmenistanda adamyň jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde kesgitlenendigini nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, döwrebap lukmançylyk desgalaryny gurmak, ilatyň saglygyny goramak we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini belledi.

Gutlagda «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde gurlan häzirki zaman saglygy goraýyş merkezleriniň, hassahanalaryň, şypahanalaryň we derman senagaty kärhanalarynyň halkyň hyzmatyna berilýändigi, lukmançylyk ulgamyna innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň hem-de öňdebaryjy enjamlaryň ornaşdyrylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy lukmanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň düzümleri we dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini nygtady.

Gutlagynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy gutlap, oňa berk jan saglygyny, uzak ömri we döwlet işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem