Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynda täze bejeriş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 9-njy oktýabrda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Gahryman Arkadagymyz täze döwrebap toplumyň ulanmaga berilmeginiň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli halkymyza edilen ajaýyp sowgatlaryň biridigini belledi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzda il saglygyny goramaga, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýtdy. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bu ulgama öňdebaryjy tehnologiýalaryň we dünýä tejribesiniň ornaşdyrylýandygy, döwrebap hassahanalaryň, şypahanalaryň we sagaldyş merkezleriniň gurulýandygy bellenildi.

Gahryman Arkadagymyz «Arçman» şypahanasynyň ýurdumyzyň esasy sagaldyş merkezleriniň biridigini belläp, täze gurlan 400 orunlyk bejeriş merkeziniň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendigini aýtdy. Dört gatly toplumda mineral suw bilen bejeriş, fizioterapiýa, fitoterapiýa we beýleki bejeriş hyzmatlary üçin ähli şertler döredildi.

Çykyşda türkmen topragynyň tebigy melhemleri bilen baýdygy, «Arçman» we «Ýyly suw» şypahanalarynyň özboluşly tebigy aýratynlyklary hem-de ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlary bilen giňden tanalýandygy bellenildi. Şeýle-de Arkadag şäherindäki «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň dowam etdiriljekdigini belläp, täze bejeriş merkeziniň açylmagy bilen gutlady we lukmançylyk işgärlerine berk jan saglygyny hem-de üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem