Awaza halkara maslahatlara gatnaşmak üçin birnäçe döwlet Baştutanlary geldi

Türkmenistana 8-nji oktýabrda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenbaşy şäheriniň Halkara aeroportyna geldiler. Belent mertebeli myhmanlar Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli halkara çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Aeroportda dostlukly döwletleriň Baştutanlary uly hormat-sarpasynyň dabarasy bilen garşylandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Saparynyň çäklerinde döwlet Baştutanlary Awazada geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyna, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hem-de Hazar ekologiýa sammitine işjeň gatnaşarlar.

Mundan başga-da, saparyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabat we sebit ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýe boljak bu gepleşikler ýurtlaryň arasyndaky syýasy, ykdysady, ekologiýa we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy täze derejä götermäge, sebitde parahatçylygy hem-de durnuklylygy berkitmäge uly goşant goşar.

Şeýle hem