Baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen «Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini we «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Soky kabul etdi.
«Toyo Engineering Corporation» ýapon kompaniýasynyň prezidenti, Baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem Eiji Hosoi Ýaponiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmekde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly goşandyny belläp, ýapon kompaniýalarynyň Türkmenistanda iş alyp barmagyna döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallygyny beýan etdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz myhmany mähirli mübärekläp, Eiji Hosoiniň ýurdumyza amala aşyrýan saparynyň Türkmenistan bilen onuň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz köp ýyllaryň dowamynda iri ýapon kompaniýalarynyň ýurdumyzyň gaz pudagynda we himiýa senagatynda taslamalary durmuşa geçirendiklerini we şunuň bilen baglylykda, «Toyo Engineering Corporation» bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Işewür ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
«Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti Li Kan-Sok baýramçylyk dabaralarynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň gözel keşbiniň özünde uly täsirleri galdyrandygyny belledi. Şeýle hem myhman koreý-türkmen gatnaşyklary barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň, onuň çäklerinde gatnaşan «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň möhüm ähmiýetini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Li Kan-Soky mähirli mübärekläp, ilki bilen, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň prezidenti wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Li Kan-Sok ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen ýokary ynam üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.