Türkmen halkynyň Milli Lideri «Çalik Holding» we «Rönesans Holding» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli giňden geçirilýän dabaralara gatnaşýan «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.

«Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de tutuş türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy bilen gutlady. Şeýle hem türkiýeli işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gaahryman Serdarymyza iberen mähirli salamyny, hoşniýetli gutlaglaryny ýetirdi. Türkiýeli işewür ata Watany Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň ýurduň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny nygtady.

Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli toý-dabaralaryň giňden geçirilýän günlerinde myhmany gadymy we myhmansöýer türkmen topragynda kabul edýändigine şatdygyny belledi hem-de Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri toý şatlygymyzy paýlaşmaga gelendigi üçin myhmana minnetdarlyk bildirdi. Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklary birnäçe ugurlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklarda yzygiderli ösdürildi.

Duşuşygyň dowamynda Ahmet Çalyk Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýdyp, ýetilýän bu belent sepgitleriň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

«Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak ata Watany Türkmenistanda möhüm ähmiýeti bolan şanly baýramyň bellenilýän günlerinde duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi hem-de doganlyk türkmen halkyny Garaşsyzlyk toýy bilen gutlady. Şeýle hem ol pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň iberen salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmany mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belläp, onuň Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli guralan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň aýratyn ähmiýetlidigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklar ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta binýady emele getirýär.

Şeýle hem