Türkmenistan we Gruziýa döwletara dialogy we adam hukuklaryny goramak ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürýärler

26-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani bilen duşuşygy boldy.

Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň işjeň depginini kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, ýokary derejedäki yzygiderli özara saparlar döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy faktory bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň iýul aýynda Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda adam hukuklarynyň goraglylygy we parlament ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşi boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda Parlamentara dostluk toparyna aýratyn orun degişlidir.

Gruziýanyň Adalatçysy Lewan Ioseliani gyzgyn myhmansöýerligi üçin türkmen tarapyna minnetdarlygyny bildirdi we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlady.

Şol gün Gruziýanyň Adalatçysy Türkmenistanyň Mejlisinde hem duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda myhman milli Parlamentiň düzümi bilen tanyşdyryldy, oňa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berildi. Ýurdumyzda adam hukuklaryny goramagyň institusional esaslaryny has-da berkitmek we bu ugurdaky halkara tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen döredilen Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň ornuna aýratyn ähmiýet berildi.

Taraplar Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan oňyn bitaraplyk syýasatynyň, döwletleriň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny bellediler.

Şeýle hem