Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi

26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

Mejlisler merkezinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabarasyna şeýle hem Hökümet agzalary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy we döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň wekilleri, talyplar, şeýle-de baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Watançylyk mazmunly, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerine bagyşlanan aýdymlar konsert çykyşlarynyň başyny başlap, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini şöhratlandyrdy.

Sazandalaryň, meşhur halk we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, çagalar döredijilik toparlarynyň ajaýyp çykyşlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ýeten sepgitlerini aýdyň şöhlelendirdi. Watanymyzyň iň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan beýik döwrümiziň gazananlaryny wasp edýän aýdymlar ajaýyp pursatlary bagyşlady. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hut halkymyzyň agzybirligi, ägirt uly döredijilik kuwwaty, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýokary depginde sazlaşykly ösýän döwlete öwrüldi.

Aşgabat şäherinde, şeýle hem Arkadag şäherinde, welaýat, etrap merkezlerinde, güneşli Diýarymyzyň her bir künjeginde halkyň medeni-ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar, ilatyň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrýan, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, saglyk we medeniýet öýleriniň, sport merkezleriniň, dolandyryş we edara jaýlarynyň, halk hojalyk we senagat ähmiýetli desgalaryň, ýollaryň sany artýar. Türkmenistanyň şäherleriniň we obalarynyň düýpli özgerýän keşbi, halkymyzyň bagtyýarlygy gurýan we döredýän döwletimiziň döredijilik kuwwatyny has-da äşgär edýär. Konsertiň dowamynda Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan bu üstünlikleri joşgunly aýdym-sazlaryň we şekilleriň üsti bilen beýan edildi.

Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Bedew» atly aýdymyň ýerine ýetirilmegi Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly ýyllarynda bedew badynda gazanan üstünlikleriniň ajaýyp waspnamasyna öwrüldi. Ganatly bedewlerimizi wasp edýän bu aýdymyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň Watanymyzyň täze taryhyna ýazylýan ajaýyp wakalaryny görkezýän wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy.

Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlar ýakymly owazy, çuň manyly sözleri bilen diňleýjileriň ählisiniň kalbyna ornaşyp, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalarynyň dowamly bolmagy hem muny aýdyň görkezdi.

Konsert maksatnamasynda Türkmenistanyň estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde söýgi aýdymlaryna, dünýä halklarynyň naýbaşy aýdym-saz eserlerine hem möhüm orun berildi. Hemmeleriň göwnüni joşa getirýän «Küştdepdi» konsertiň aýratyn bezegine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdym baýramçylyk konsertiniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň döreden bu ajaýyp aýdymy tutuş halkymyzy bedew batly ösüşlere we maksada okgunlylyga ruhlandyrýan özboluşly sena bolup ýaňlandy. Bu joşgunly aýdym şeýle hem halkymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda nurana geljege tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň häzirki bagtyýar döwrüne buýsanjynyň beýanydyr.

Soňra bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli asylly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, hemmeleri ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesi bilen gutlady hem-de olara üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem