Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylara döredijilik üstünliklerini arzuw etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrunda geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýaş aýdymçylary jemleýji tapgyra gatnaşmaklary bilen gutlap, olara döredijilik üstünliklerini arzuw etdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Gutlagda bellenilişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ähli ulgamlarda gazanylýan ösüşler, halkara abraýyň ýokarlanmagy hem-de Garaşsyzlygyň 35 ýyllygynyň giňden bellenilmegi halkyň watançylyk duýgularyny has-da berkidýär. Şeýle hem döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen aýdym-saz sungatynyň halkyň ruhy durmuşyndaky aýratyn ornuna ünsi çekip, milli medeni mirasyň baýlaşdyrylmagynda ýaş zehinleriň möhüm orun eýeleýändigini belledi. Gutlagda ussat halypalaryň döredijilik ýoluny dowam etdirmegiň, milli ýerine ýetirijilik däplerini öwrenmegiň we ösdürmegiň ýaş aýdymçylar üçin esasy wezipeleriň biridigi nygtaldy.

Döwlet Baştutany halk arasynda giňden tanalýan aýdymçylaryň we bagşy-sazandalaryň döredijilik mirasynyň milli sungatyň gymmatly hazynasydygyny belläp, ýaşlaryň özboluşly ýerine ýetirijilik usuly bilen milli aýdym-saz sungatynyň geljekki ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti gutlagynyň ahyrynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary ýene bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýar durmuş we döredijilikde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Şeýle hem