Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisinde çykyş etdi

Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde 6-njy sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, Niderlandlaryň ýolbaşçylaryna we guramaçylaryna türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol atçylyk sporty boýunça dünýä çempionatynyň hem-de ahalteke bedewleriniň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýetini belledi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Çykyşda Kronenberg şäheriniň birnäçe günläp ahalteke atçylygynyň dünýä merkezine öwrülendigi, çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen atşynaslary, seleksionerleri, alymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini jemländigi nygtaldy. Şeýle hem ahalteke bedewlerini ösdürmäge goşant goşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlara türkmen halkynyň adyndan hoşallyk bildirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanda ahalteke bedewleriniň arassa tohumyny gorap saklamak we ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman atçylyk sport toplumlary döredildi, Aşgabatdaky Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy ylmy we tejribe merkezi hökmünde ösdürilýär. Şeýle hem atlaryň DNK barlagy, elektron maglumat binýady we ylmy seçgi ulgamy ornaşdyryldy.

Mejlisde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işiniň yzygiderli giňeldilýändigi, onuň dünýäniň onlarça döwletinden hünärmenleri birleşdirýändigi bellenildi. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky möhüm halkara üstünlikleriň biri hökmünde görkezildi.

Çykyşda Türkmenistanyň ahalteke atçylygy boýunça halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygy nygtaldy. Ýurdumyzyň atly sport, ylmy-barlag we medeni ugurlarda halkara taslamalary goldaýandygy, dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygy aýdyldy.

Şeýle hem şu ýylyň dowamynda türkmen çapyksuwarlarynyň we «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo, Baku, Daşkent, Kazan, Windzor we Stambul şäherlerinde geçirilen halkara ýaryşlarda we festiwallarda üstünlikli çykyş edip, abraýly baýraklara we hormatly atlara mynasyp bolandyklary bellenildi.

Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlaryndaky hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygy tassyklanyldy. Gatnaşyjylar ahalteke bedewleriniň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda Kronenbergde geçirilýän dünýä çempionatynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň açyk mejlisiniň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

Şeýle hem